SPORT

“Ahal” – “Regar Tadaz”: ykbal kesgitleýji oýun

Ýurdumyzyň futbol çempionatynda çykyş edýän “Ahal” futbol topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda çykyş etmek üçin Täjigistanyň Tursunzade şäherine bardy.
Bu ýerde ýurdumyzdan wekilçilik edýän “Ahal” topary Täjigistanyň Futbol çempionatynda çykyş edýän “Regar Tadaz” kluby bilen duşuşyk geçirer.  Oýun awgust aýynyň 13-ne Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Asgyn gelen topar bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Related posts

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler

İspaniýaly Peres ýarym marafonda ilkinji dünýä rekordyny goýdy

Ibragimowiç “Milan” bilen şertnama baglaşdy