DÜNÝÄ

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezident Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymalivew 2025-nji ýylyň 4–5-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyrar. Saparyň maksady Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmakdyr.

Saparyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygy maslahatyň plenar mejlisinde çykyş eder.

Mundan başga-da, Adylbek Kasymalivewiň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Lýuksemburgda ministrler duşuşygyna gatnaşdy

GECF :”Mawy altyn” iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi bolar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Türkmenistana sapary guralar