BIZNES

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim, benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň öndürilişi 13,6 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim, sementiň öndürilişi 50 göterim, armaturyň, demir önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişi 58,4 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 8,6 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 3,8 göterim, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi 1,3 göterim artdy. Hasabat döwründe nah ýüplükleriň möçberi 22,6 göterim we nah matalaryň möçberi 27,3 göterim artdy.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 0,6 göterim we ýolagçy dolanyşygynyň 3,2 göterim artmagy munuň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 20,7 göterim artdy.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,1 göterim, miwe we ir-iýmişler 2,7 göterim, ýeralma 3,8 göterim, süýt 2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 8,9 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 6 aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi

Türkmenistan Aziýanyň ösüş bankynyň sebitleýin taslamasyna goşular