DÜNÝÄ

Donald Tramp dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp  Ist-Raterford şäherinde geçiriljek dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.

“Futbol boýunça dünýä klublary çempionatyny şu wagtda we geljek ýyl geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin Ak Tamyň iş topary hökmünde Hökümetden we Prezidentden uly goldaw aldym,” — diýdi FIFA-nyň prezidenti Infantino habar berdi.

Tramp ikinji prezidentlik möhleti döwründe sporty uly üns bilen yzarlaýar. Ol fewralda “Super Bowl” ýaryşyny tomaşa etmäge barypdy.

FIFA Klublar Dünýä Kubogy, futbol boýunça dünýäniň iň güýçli klublarynyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara ýaryşdyr. Şu ýyl  ilkinji gezek 32 klubuň gatnaşmagynda geçirilýän hem-de pul baýragy 1 milliard dollara deň bolan ýaryşyň finaly 13-nji iýulda geçiriler.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy