SPORT

Küşt­çü­le­ri­miziň Şri-Lankadaky üs­tün­li­gi

4 — 12-nji iýun ara­ly­gyn­da Şri-Lan­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­lom­bo şä­he­rin­de spor­tuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça 20 ýa­şa çen­li ýaş­la­ryň ara­syn­da Gün­ba­tar Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Dün­ýä­niň 9 ýur­dun­dan 110 tür­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da geç­iri­len ýa­ryş­da türk­men küşt­çü­le­ri hem üs­tün­lik­li çy­kyş edip, 1 al­tyn, 1 kü­müş we 1 bü­rünç me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­na al­tyn me­da­ly Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Dä­new et­ra­byn­da­ky 31-nji or­ta mek­de­biň 12-nji synp okuw­çy­sy Leý­la Şöh­ra­do­wa ge­tir­di. Küş­tüň ra­pid gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­da oňa taý ta­pyl­ma­dy. Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň beý­le­ki 2 me­da­ly küş­düň ada­ty gör­nü­şin­den ga­za­nyl­dy. FI­DE-niň us­sa­dy, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň dil öw­re­niş bö­lü­mi­niň ta­ly­by La­la Şöh­ra­do­wa kü­müş, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň 1-nji ýyl ta­ly­by Aman­mu­ham­met Hom­ma­dow bol­sa bü­rünç me­dal­la­ry ga­zan­dy­lar.

Türkmen küşt­çü­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da yzy­gi­der­li üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Hal­ka­ra Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FI­DE) reý­ting sa­na­wyn­da eýe­le­ýän de­re­je­le­ri­ni bar­ha go­wu­lan­dyr­ýar­lar. Çuň we stra­te­gik pi­kir­le­nip bil­ýän­le­riň spor­tu­na bo­lan gy­zyk­lan­ma hal­ky­myz­da äh­li dö­wür­de hem ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de küşt spor­ty bo­ýun­ça ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak we hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len dür­li ýa­ryş­lar ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýakyn günlerde paý­tag­ty­myz­da küşt bo­ýun­ça 8, 10 we 12 ýaş­ly ça­ga­la­ryň ara­syn­da hal­ka­ra ýa­ry­şyň ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady