DÜNÝÄ

Meredow bilen Lawrow Türkmenistanyň SPIEF-e gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesini, şeýle hem Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde we ikitaraplaýyn sapar alyş-çalşygynyň çäginde ýakyn wagtda duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Meredow Lawrowy Russiýanyň güni bilen gutlady.

Ozal hem habar berlişine görä, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň iýun aýynyň ahyrynda Türkmenistana resmi sapar bilen geljekdigi habar berildi.

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy 2025-nji ýylyň 18-21-nji iýuny aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar