JEMGYÝET

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň 4-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, ulag we logistika, sebit hyzmatdaşlygy, terrorçylyga garşy göreş we öňdebaryjy tehnologiýalary ösdürmek ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy.

Merkezi Aziýa sebitinde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi we “Merkezi Aziýa-Hindistan” dialogynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi.

Forumyň jemleri boýunça daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bilelikdäki beýannama kabul edildi, onda “Merkezi Aziýa – Hindistan” formatynyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky umumy garaýyşlar beýan edildi.

Related posts

The meeting with the Regional Director of EBRD in Central Asia

vepa

«Daşoguztelekom» işleri döwrebaplaşdyrýar

Ata Watan Eserleri

Uluslararası gözlemcilerden seçimlere tam not

vepa