JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyryp, “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa Respublikasy bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Mälim bolşy ýaly, Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 8 Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir.

Söwda-ykdysady ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Italiýanyň birnäçe iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda arheologiýa ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär.

Ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar döwletara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Italiýa Respublikasyna resmi saparlaryny, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Iki ýurduň Hökümetleriniň we parlamentleriniň derejesinde, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. “Merkezi Aziýa — Italiýa” formaty netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ugurlary açýar.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik