DÜNÝÄ

Ankarada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli medeni çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Ankaranyň aýdym-saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi.

Geçirilen dabaraly konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplary aýdym-saz we sahna kompozisiýalary, aýdymlar, tanslar bilen çykyş etdiler.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan nepis türkmen halylaryndan, dürli haly önümlerinden, milli şaý-seplerden, milli lybaslardan, saz gurallaryndan we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi gurnaldy.

Çäräniň ahyrynda, asylly däbe görä, ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Related posts

Ýaponiýa we ABŞ gatnaşyklaryň “täze altyn asyry” barada ylalaşyga gol çekdiler

Şu gün – Halkara ýaşlar güni

Andy Warholyň kamerasy üçin 13 müň 750 dollar