JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystana bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Liderini Kazan şäheriniň halkara howa menzilinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşar.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow arasynda duşuşyk meýilleşdirildi.

Şu günler Kazanda 16-njy «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumy geçirilýär. Däbe öwrülen bu iri halkara foruma türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň  hormatly myhman hökmünde geçen ýyllaryň dowamynda hem gatnaşandygyny bellemek gerek.

Ýeri gelende aýtsak, 2009-njy ýyldan başlap, her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara duşuşygyň işine, şeýle-de «Russiýa Halal EXPO» halkara sergisine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistanyň halkara sergä öz milli pawilýony bilen gatnaşmagy türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi