SPORT

Trent Aleksander-Arnold “Liwerpuldan” gidýär

Angliýada şu möwsümde çempion bolan “Liwerpul” toparynyň tejribeli goragçysy Trent Aleksander-Arnold möwsümiň tamamlanmagy bilen topardan gidýändigini habar berdi. Ol erkin futbolçy hökmünde futbol karýerasyny başga toparda dowam eder.

Habar berlişine görä, Arnold Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen ylalaşyp, bu topar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär.

Trent “Liwerpul” toparynda ýetişen Angliýanyň tejribeli futbolçylarynyň biridir. Ol toparyň düzümine 2004-nji ýylda goşuldy we 2016-njy ýyldan bäri toparyň esasy düzüminde çykyş edýär.

Aleksandr-Arnold bu topar bilen 9 kubok gazandy. 2 gezek Angliýanyň çempiony boldy we Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy