JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Fransiýa sapary başlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan Ýewropa ýurtlary, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda alnyp barylýar.

Syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.

Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Orly” Halkara howa menziline gelip gondy.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.

Bu ýerde tTürkmen halkynyň Milli Liderini Fransiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy.

Dostlukly ýurduň wekili belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.

Ýene-de okaň

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar