SPORT

Rus hokkeýçi Oweçkin taryhy rekordy gaýtalady

Russiýaly hüjümçi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynda geçiren gollarynyň sanyny 894-e ýetirdi. Ol meşhur kanadaly hokkeýçi Ueýn Gretskiniň rekordyny gaýtalady.

“Waşington” toparynyň kapitany rus hokkeýçi “Çikago Blekhoks” topary bilen geçirilen duşuşykda 2 gezek tapawutlanmagy başardy.

Şeýlelikde, 39 ýaşyndaky Oweçkin kanadaly türgen Gretskiniň 894 gollyk taryhy rekordyny gaýtalamagy başardy.

Kanadaly hokkeýçi Ueýn Gretski soňky gezek 1999-njy ýyda tapawutlanypdy  we ol Milli hokkeý ligasynyň “beýik” ýagny, “The Great One” adyna eýe bolupdy.

Rus hokkeýçi Oweçkin hem kanadaly türgeniň rekordyna şärik bolup, ol 6-njy aprelde “Nýu-Ýork Aýlenders” duşuşygynda tapawutlanan halatynda bu rekordy öz adyna geçirer.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy