DÜNÝÄ

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Özbegistana bardy

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine gatnaşmak üçin bu ýurda bardy. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.

Ýokary derejeli wekiliýeti Samarkandyň halkara howa menzilinde Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar garşylady.

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine gatnaşar.

Şeýle hem şu gün Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta hem Samarkant şäherine bardy.

Related posts

Özbegistanda ilat ýazuwynyň ikinji tapgyry başlaýar

Azerbaýjanyň ilçisi: doganlyk gatnaşyklary ösdürmek üçin tagalla ederin

Howanyň üýtgemegi boýunça onlaýn-maslahat

Ata Watan Eserleri