BIZNES

Demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrylar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menzilindäki degişli desganyň taslamasyny düzmek we durkuny täzelemek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwrebap demir ýol ulagy pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, munuň üçin demir ýol menzilleriniň häzirki döwrüň talaplaryna görä işlemeginiň möhümdigini belledi hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desganyň durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder