JEMGYÝET

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hususan-da, ABŞ-nyň Prezidentiniň gutlagynda şeýle diýilýär:

– Hormatly Jenap Prezident, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan Size we ähli türkmen halkyna parahatçylygyň, täzelenişiň nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

Amerikan halky Siziň durmuşa geçirýän özgertmeleriňizi uly ruhubelentlik bilen kabul edýär hem-de men köp möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýärin. Biz Siziň bilen bilelikde işlemek mümkinçiligine we Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň wekiliýetini ak mermerli gözel Aşgabada ibermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu maslahaty geçirýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýäris.

Biziň merdana halklarymyzyň geljekki üstünlikleriniň bähbidine Amerikanyň Birleşen Ştatlary hemişe Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, Garaşsyzlygynyň, çäk bitewüliginiň berk tarapdary bolmagynda galar.

Ýene-de okaň

Turkmentextile Expo-2026: halkara moda görkezilişi geçiriler

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy