JEMGYÝET

Aşgabatda halkara moda görkezilişi guraldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Moda çäräsi paýtagtymyzdaky “Toý mekany” merkezinde guraldy. Onuň çäklerinde 6 ýurduň moda dünýäsiniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň dürli lybaslarynyň görkezilişi boldy.

Moda görkezilişi britan dizaýner Wiwien Westwudyň kolleksiýasy bilen başlady. Soňra sahnada Italiýanyň “Maison Avaro Figlio” moda öýüniň, Omanyň “Yoland Brand” moda öýüniň, Marokkonyň “Hind Berrada” moda öýüniň, şeýle hem Fransiýadan gelen meşhur dizaýner Klod Patrigiň  kolleksiýasy bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem moda görkezilişinda ýurdumyzda hususy pudagynyň moda pudagynda iş alyp barýan wekilleri “Gölli” we “Jennet tagty” ýaly modalar öýleriniň, şeýle hem «Mähirli zenan», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Aina Sari», «Aýperi» modalar öýleriniň milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyryp taýýarlan lybaslary görkezildi.

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň moda görkeziliş dabarasy daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlarynyň, «Vanity Fair», «Vogue», «Marie Claire Arabia», «Grazia», «Elle» žurnallarynyň, «Fashion Network» gazetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda guraldy.

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin we Putin türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi