JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda müdiriýetiň mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň guramaçylygyna degişli meseleler girizildi.
Mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen duşuşyklaryň, guraljak sergileriň, okuw maslahatlarynyň derejesine zerur üns berilmelidigi barada aýdylyp, bu senäniň ýokary guramaçylyk derejesinde dabaralandyrylmalydygy bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin we Putin türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi