Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyz gülläp ösýär. Eziz Diýarymyzyň taryhy künjeginde, Köpetdagyň eteginiň ajaýyp ýerinde bina bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyklar akylyňy haýrana goýýar.
«Ýaşlaryň şäheri», «Geljegiň şäheri» hökmünde ykrar edilen ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde bu gün bina edilýän desgalardyr binalar onlarçadyr. Olaryň arasynda Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyrynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň, türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, çagalar seýilgähiniň we beýleki ençeme desgalaryň bolmagy her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Geçen ýylyň özünde Arkadag şäherinde geçirilen köp sanly çäreler, şol sanda Medeniýet hepdeligi hem bu hakykata äşgär görkezdi, Şeýle çäreler Köpetdagyň etegine gözellik goşýan, dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze şähere gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Golaýda häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy Arkadag şäherinde amala aşyrylýan innowasion çözgütleriň hem şäheriň hemmetaraplaýyn ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýän asylly işleriň nobatdaky ykrarnamasydyr.
Arkadag şäherinde «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumatlar binýadynda kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde öýjükli aragatnaşyk enjamlarynyň üsti bilen şäher innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürilýär. Şol sanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna, edara-kärhanalara we guramalara, bank ulgamlaryna hem-de hususy telekeçileriň alyp barýan işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmakda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda öýjükli aragatnaşyk arkaly ilata hödürlenýän ähli döwrebap hyzmatlar, tehniki üpjünçilik doly ýola goýuldy.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata berdi. 4G+ tehnologiýasy 4G LTE tehnologiýasyna seredende iki esse artykmaç, ýagny 300 Mbit/sek tizlikde maglumat çalşygyny amala aşyrmak mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýola goýulýan bu täze tehnologiýa «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde sanly hyzmatlary has-da artdyrar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleri hemişe gözegçilikde saklaýar. Şäheriň ikinji tapgyrynda guruljak desgalaryň taslamalary bilen içgin gyzyklanyp, «akylly» şähere iş saparlaryny amala aşyrýar. Şonuň esasynda hem täze şäheriň özboluşly we gaýtalanmajak keşbi kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyz täze, döwrebap şäheriň çäginde türkmen telekeçileri tarapyndan bina edilýän ähli gurluşyk işlerinde milli ýörelgelerimize eýerilmelidigini hem-de her bir gurulýan desganyň bezeg işlerinde döwrüň talabyna görä işleriň alnyp barylmalydygyny nygtap, bu babatda özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasy bilen gurlan, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekany hökmünde dünýäde tanalýan Arkadag şäheri hem «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerine laýyklykda ösdürilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň gurulmagy we onuň gerimini giňeltmek boýunça geljegi uly taslamalaryň tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilmegi özygtyýarly türkmen döwletiniň ykdysady we döredijilik kuwwatyny jümle-jahana äşgär edýär. Şonda bolsa gurluşyklaryň uly böleginiň türkmen işewürlerine, ýerli gurluşyk kärhanalaryna ynanylmagy hem diýseň begendirýär. Munuň özi soňky ýyllarda tejribesini yzygiderli artdyrýan hususyýetçilerimiziň ýerine ýetirýän işleriniň döwlet tarapyndan giň goldawa eýedigini görkezýär.
Türkmen topragynyň taryhy künjeginde özboluşly binagärlik we «smart-siti» tehnologiýa çözgütleri bilen tapawutlanýan Arkadag şäherini gurduran, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.
Dawut Orazmyradow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “B” toparynyň talyby.