MEDENIÝET

Türkmenistan Belarusdaky halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşdy

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde XXXII halkara kitap ýarmarkasy geçirilýär. Oňa Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşýar.

Üstümizdäki ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýändigi üçin bu gezekki kitap sergisiniň esasy mowzuklarynyň biri hem bu şanly senä bagyşlandy.

Minsk şäherindäki esasy kitap we metbugat pudagynyň sergisine 20-den gowrak döwlet 500-e golaý diwarlyk bilen gatnaşdy. Gatnaşyjy döwletleriň hatarynda – Braziliýa, Wenesuela, Germaniýa, Eýran, Gazagystan, Türkiýe, Siriýa, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletler bar.

Açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda kitabyň bilimleriň esasy hazynasydygy hem-de durmuşyň sazlaşygy bolmagynda galýandygy bellenildi.

Bu iri halkara sergi-ýarmarkasynda Türkmenistan döwletimiziň hem diwarlygy ýerleşdirildi. Türkmenistanyň diwarlygy sergä gatnaşyjylardan uuly gyzyklanma döretdi. Diwarlykda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary bilen bir hatarad ýurdumyzyň dürli ugurlardaky üstünlikleri açyp görkezýän kitapdyr žurnallar ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler