Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy şert bolup durýan öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň, hususan-da “Merkezi Aziýa – ÝB” formatyndaky ilkinji sammitiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa–ÝB” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmek işlerine deglip geçildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetini, Parlamentara dialogyny, Adam hukuklary boýunça dialogy we beýlekileri nazara almak bilen, bilelikdäki gurallaryň netijelidigini bellediler.
Durmuş-ykdysady ugrundaky gatnaşyklary iş ýüzünde ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Söwda gatnaşyklaryny, ulag arabaglanyşygyny, energetika howpsuzlygyny, innowasiýa we maýa goýum işlerini ösdürmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.
Taraplar hereket edýän we geljekki ýöriteleşdirilen taslamalara we maksatnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly işlerde ÝB-niň bilermenleriniň tejribesinden peýdalanmak meselelerine garadylar.
Mundan başga-da, diplomatlar ekologiýa howpsuzlygyny goramak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatyndaky bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilim we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.