DÜNÝÄ

Belarusyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da BMG we GDA-nyň çäklerinde hem netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga iki ýurduň ygrarlylygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keseli üçin test serişdelerini berdi

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi