DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Atlantika ummanyndaky Günorta Georgiýa adasynda dünýäniň iň uly “A23a” aýsbergi ýalpaglyga oturdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Antarktika gullugy habar berýär.

Bu ullakan buz böleginiň agramy trillion tonna bolup, onuň meýdany häzirki Londonuň meýdanyndan 2 esse uludyr.

Aýsberg Antarktidanyň günbataryndaky Filhner buzluklaryndan 1986-njy ýylda goparylyp aýryldy we 30 ýyldan gowrak Ueddella deňzinde galdy. 2020-nji ýylda akym ony Günrta Geogriýa tarapynda äkitdi.

Britaniýanyň gullugynyň okeanolog hünärmeni Endrýu Meýers häzirki wagtda aýsbergiň deňiz ýalpaklygynda bolup, onuň döwülmek ähtimallygynyň bardygyny belledi.

Fewral aýynda bellenilip geçilişine görä, “A23a” aýsberginden bir bölek goparylyp aýrylypdy.

Related posts

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň Prezidentiniň Arap ýurtlaryna sapary

Ata Watan Eserleri

Owganystan boýunça türkmen-ýapon maslahatlaşmalary geçirildi