JEMGYÝET

Eýran: Türkmenistanyň gazy Türkiýä iberilip başlandy

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan-Türkiýe tebigy gaz eksportunyň başlanandygyny habar berdi. Eýranyň nebit ministri Muhsin Paknejad Yragyň elektrik energetika ministri Ziad Ali Fadhil bilen geçiren duşuşygynda bu barada belläp geçdi. Bu barada Eýranyň “Irna” habarlar gullugy habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar şu ýylyň 1-nji martyndan Türkmenistanyň tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilip başlanjakdygyny habar beripdi.

Alparslan Baýraktar Türkmenistandan satyn alynýan tebigy gaz bilen 1,5 million hojalygyň zerurlyklarynyň kanagatlandyryljakdygyny aýdypdy.

1998-nji ýylda başlanan Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda tebigy gaz gepleşikleriniň 27 ýyldan soň tamamlanandygyny belläpdi.

2024-nji ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti bilen netijeli duşuşyklar geçirendigini aýdyp, şol duşuşykda iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy babatda möhüm ylalaşygyň gazanylandygy belledi.

Soňra bolsa, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “BOTAŞ” kompaniýasynyň arasynda degişli şertnamanyň baglaşylandygy bellenilip geçildi.

Türkmenistan bilen gazanylan bu ylalaşygy ýene-de 5 ýyl uzaltmagy maksat edinýändiklerini bellän Baýraktar türkmen gazynyň swap usuly bilen Eýranyň üsti bilen geljekdigini nygtapdy.

Türkmenistanyň Döwletabat-Sarahs-Hangeran tebigy gaz geçirijisi arkaly Eýrana geljek Türkmenistanyň tebigy gazy swap arkaly Türkiýä iberilýär.

Eýran-Türkiýä tebigy gaz geçiriş nokadyndaky Gürbulak sebitinden tebigy gaz kabul edilip alnar we Türkiýede ulanylyp başlanýar.

Ýene-de okaň

Täze kazylar wezipä bellendi

Oguljahan Atabaýewa: sagdyn ýaş nesli kemala getirmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde

Premýer-ministr Sudani: Yrak türkmen gazyny almak üçin zerur işler geçirilýär

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji sapary

Aşgabatdaky halkara pediatriýa merkezinde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylar

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi