Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça “Botaş” kompaniýasy bilen ylalaşylandygyny aýtdy.
Şunuň bilen bir hatarda milli Liderimiz elektrik energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Mary-Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň Mary döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklip edendigini belledi.
Bellenişi ýaly, bu babatda eýran tarapy bilen gepleşikler geçirildi hem-de degişli hukuk resminamasyna gol çekildi. Bu taslamanyň Eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
Ulag pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bilen Eýran Aziýa bilen Ýewropany, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýärler. Bu bolsa, iki döwlet üçin ulag-logistika ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyga ýol açýar.
Şunuň bilen baglylykda, Eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli resminama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de degişli döwlet edaralaryna we kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi.