DÜNÝÄ

Tramp 9-njy fewraly “Amerika aýlagy” güni yglan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp uçary bilen Meksika aýlagynyň üstünden geçip barýarka, 9-njy fewraly “Amerika aýlagy” güni hökmünde yglan etdi we munuň bilen baglanyşykly degişli kararnama gol çekdi.

AK Tamyň habar bermegine görä, Donald Tramp döwlet edaralarynyň işgärlerine hem-de ähli amerikan halkyna bu güni degişli dabaralar bilen gutlamaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Donald Tramp 20-njy ýanwarda gol çeken kararnamasy bilen Meksika aýlagynyň adyny “Amerika aýlagy” hökmünde üýtgedilmegi babatda degişli tabşyryklary beripdi.

Meksika aýlagy Atlantik ummanynyň günbatar bölegindäki içerki deňizdir. Ol demirgazyk*günbatar, demirgazyk we gündogar kenarlary boýunça ABŞ (Florida, Albama, Missisipi, Luiziana we Tehas), günorta we günorta-günbatar kenarlary boýunça Meksika (Tamaulipas, Werakrus, Tabasko, Kampeçe, Ýukatan) bilen serhetleşýär. Şeýle hem Kuba adasy bilen serhetleşýän çägi bar.

Aýlagyň umumy maýdany 1543 müň inedördül kilometr bolup, suwuň möçberi 2332 müň kub kilometre deňdir.

 

Ýene-de okaň

Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylap güni Aşgabatda bellendi

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Ata Watan Eserleri

Tusk: Polşa Ýewropanyň öňdebaryjy ýurduna öwrüler

Türkmenistanyň wekiliýeti Tährandaky üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Gwatemala Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär