BIZNES

Gyrgyzystanyň telekeçileri üçin Türkmenistana tanyşlyk iş sapary guralar

Gyrgyz Respublıkasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar geçen ýylda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlediler hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyz ilçisi hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy. Hususan-da, Türkmenistan-Gyrgyzystan ösüş gaznasyny döretmek hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalary baradaky şertnamalara ünsi çekdi. Mundan başga-da, ilçi iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belläp, Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasynyň başlangyjy bilen aprel aýynda Gyrgyzystanyň telekeçileri üçin Türkmenistana tanyşlyk iş saparyny guramak baradaky teklibi beýan etdi.

Türkmen tarapy öz gezeginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, iki ýurduň hususy düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäga taýýardyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti gyrgyz işewürlerini şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergä hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýum” atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy