DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Malaýziýada saparda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 4-5-nji fewralda Malaýziýada resmi saparda bolar. Özbek Lideriniň bu saparynyň gün tertibi ýurduň Premýer-ministr Anwar Ybraýym bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri, Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary, bilelikdäki iş forumynyň işine we beýleki çäreleri öz içine alýar.

Öňde boljak gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak, söwda, maýa goýum, innowasiýa, tehnologiki hyzmatdaşlyk, nebithimiýa, elektronika, ýaşyl energiýa, “akylly” oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berler.

Liderler halkara syýasatynyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine hem serederler.

Sammitden soň Bilelikdäki beýannama we iki döwletiň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar