DÜNÝÄ

Türkmenistanyň baý medeni mirasy Yslamabatda geçirilen sergide görkezildi

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy 2025-nji ýylyň 7-15-nji ýanwary aralygynda Yslamabatdaky Päkistan Milli sungat geňeşiniň galereýasynda geçirilen “Kalligrafiýa we sungat sergisiniň öçmez aýdyňlygy” atly sergä gatnaşdy.

Bu sergide YHG guramasyna agza ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan zehinli suratkeşleriň, suratçylaryň we senetçileriň sebitdäki halklaryň ebedi medeni mirasyny wasp edýän ajaýyp kalligrafiýa we çeper eserleri görkezildi.

2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda köp myhmanlaryň gatnaşmagynda bu ýerde serginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Pakistanyň Milli miras we medeniýet ministrliginiň Federal Sekretary Hassan Nasir Jamy, Yslamabatdaky YHG guramasyna agza ýurtlaryň ilçileri we diplomatlary, ÝUNESKO-nyň wekilleri, Pakistanyň hökümet işgärleri we metbugat wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan görkezilen sergide türkmen medeniýetiniň gözelligi we dürlüligi, baý taryhy we döwrebaplygy görkezildi.

Sergä gatnaşanlar Türkmenistanyň ilçihanasynyň görnükli türkmen şahyry we akyldary, türkmen edebiýat dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragy bilen bagly görkezen sungat eserlerine aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Related posts

Žurnalist ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili bolar

Türkmen diplomatlary Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görülýär