BIZNES

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň önümçilik senenamasy neşir edildi: resmi taýdan dynç alynýan günler

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2025-nji ýyl üçin önümçilik senenamasyny çap etdi. Senenama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda baýramçylyk we ýatlama günlerine gabat gelýän 12 sany işlenilmeýän gün bolar.

Baýramçylyk we ýatlama günleri:

  • 1-nji ýanwar – Täze ýyl;
  • 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
  • 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;
  • 30-njy mart – Oraza baýramy;
  • 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;
  • 6-7-8-nji iýun – Gurban baýramy;
  • 27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
  • 6-njy oktýabr – Ýatlama güni;
  • 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni.

Bu günlerde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda resmi taýdan iş güni däldir. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, bu günleriň öň ýanyndaky iş wagty 1 sagat gysgaldylýar.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, iş wagtlarynyň kadalary bilen şu salgydan doly tanşyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy