SIZDEN GELENLER

«Akylly» şäher: täze baýraklaryň eýesi

Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady. Bu konsepsiýa Arkadag şäheriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliliginiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu babatda şäherde bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, senagatda we beýleki pudaklarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, senagaty sanlylaşdyrmak boýunça önjeýli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 15-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Bu ýokary guramaçylyk bilen geçiriljek ylmy-amaly maslahat halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýar. Çünki Arkadag şäheri «akylly» şäher hökmünde dünýäde ykrar edilen şäher. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji sentýabry aralygynda Günorta Koreýa Respublikasynda «akylly» şäherler üçin innowasion çözgütlere bagyşlanan iň abraýly platforma bolan «World Smart City Expo 2024» (WSCE) halkara sergisi geçirildi. Şonda Arkadag şäheri «akylly» şäherleriň halkara sergisinde üç sany baýraga mynasyp bolmagy taryhy wakadyr.

Şeýle hem Arkadag şäheri Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Abraýly halkara baýrak golaýda Wenada Arkadag şäheriniň wekiliýetine halkara işewür jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu hoş habaryň üstüniň ýetirilmegi, ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Häzir dünýäniň iň ösen we öňdebaryjy şäherleri hem energiýa serişdeleri, elektrik togy, ekologiýa babatda birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. «Akylly» şäher konsepsiýasynda ornaşdyryljak tehnologiýalar bolsa ummasyz maglumatlary bir ýere toplap, olary seljerip, emeli aňyň mümkinçiliklerine, sanly çözgütlere daýanmak arkaly şol meseleleri aradan aýyrmaga mümkinçilik döreder. «Akylly» ulag, «akylly» ekologiýa, «akylly» geçelge, «akylly» öý ýaly düşünjeler durmuşymyza giňden ornaşýar. Şu sanawa «akylly» energiýa düşünjesini-de goşmak biziň alyp barýan işlerimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Şeýle-de öndürilýän elektrik energiýasynyň az uglerodly bolmagyny gazanmak, onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýanynyň derejesini azaltmak «akylly» şäher konsepsiýasynyň energiýa bilen bagly ugrunyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» we «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Hindistanyň Çitkara uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Bilkent uniwersitetiniň Milli nanotehnologiýa ylmy-barlag merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň «Moskwanyň Inžener-fiziki instituty» Milli ylmy-barlag ýadro uniwersitetiniň zatlaryň interneti esasynda infrastrukturany ösdürendigi, intellektual ulag ulgamlary, energik taýdan netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri, daşky gurşawy gözegçilikde saklaýandygy we dolandyrýandygy üçin üstünlik şahadatnamalary, şeýle hem ekologik taýdan arassalygy üçin Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» hem-de «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Rumyniýanyň Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Izmir tehnologiýa institutynyň, Özbegistanyň Samarkant döwlet uniwersitetiniň hil taýdan tapawutlylyk we üstünlik şahadatnamalary gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň bu şöhratly eseriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň belent menzilleri nazarlaýan depginli ösüşiniň aýdyň beýany bolan Arkadag şäheriniň şu güni ajaýyp, ertiri ondan hem gözel. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» onuň aýdyň geljegine-de kepildir.

Pursatdan peýdalanyp, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, şeýle hem türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys.

Ahmet Ýaňybaýew,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany

«Hakyda göwheri» — sözleriň düri