DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň Premýer-ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Russiýanyň paýtagty Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda gramanyň giňişliginde söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen wekilçilik etdi.

Mejlisde edilen çykyşlarda GDA-nyň ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda 5 göterim ösdi. Bu hem ählumumy görkezijiden köpdür.

Degişli döwürde senagat, oba hojalyk önümçiligi, ýükleriň täjirçilik gatnawlary, bölek satuwda oňyn ösüşler gazanyldy.

Şeýle hem mejlisde GDA-nyň sebitleriniň forumyny guramak teklip edildi.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda GDA guramasynyň başlygy Täjigistana geçýär. Şonuň üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi Täjigistanda geçiriler.

Related posts

ABŞ-nyň ilçisi: geljege nazar – indiki 30 ýyl

Ata Watan Eserleri

Ara seçimlerin kesin sonucu açıklandı

vepa

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy