TEHNOLOGIÝA

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Halkara Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap merkez welaýat merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, täze iri ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň ýanynda bina edildi.

Mälim bolşy ýaly, dünýä meşhur kompaniýanyň nobatdaky tehniki hyzmat ediş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi berkarar döwletimiziň dost-doganlyk döwletler bilen ykdysady-syýasy hyzmatdaşlygy ilerledýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Täze okuw-hyzmat ediş merkezi esasy dolandyryş binasy bilen birlikde, ammar binasyny we abatlaýyş bölümini öz içine alyp, döwrebap tehniki toplumy emele getirýär.

Açylyş dabarasy mynasybetli bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde netijeli işleri alyp barýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Çykyş eden myhmanlaryň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen şeýle okuw-hyzmat ediş merkezleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilýär. Şeýle hem dabaranyň dowamynda merkeziň gurluşygynda zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Aýdym-sazyň hoş owazy bilen al-asmana uçurylan şarlar dabaranyň şowhunyny has-da arşa göterdi.

Soňra myhmanlar merkezde döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdylar. Merkeziň gurluşygyny «Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary» hususy kärhanasynyň işçileri bina etdiler. 1 gektar meýdany eýeleýän merkeziň çäginde Kamaz awtoulaglaryny abatlamak, olara tehniki hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilendir.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi