BIZNES

Türkmen-owgan duşuşygy: wagtlaýyn port gurlar

Türkmenistanyň Serhetabat şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Owganystanyň Dag magdan we nebit ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň maksady – türkmen-owgan serhedindäki Islim-Çeşme etrabynda wagtlaýyn portuň gurluşygynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Bu port Owganystanyň çäginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin enjamlary we turbalary daşamak üçin niýetlenendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar wagtlaýyn porty döretmegiň tehniki aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Owgan tarapy gurluşyk işlerine başlamaga taýýardygyny belledi.

Duşuşykdan soňra türkmen we owgan wekiliýeti portuň guruljak ýerine baryp gördüler, şeýle hem turbalaryň we enjamlaryň saklanýan ammarhanasyna aýlanyp gördüler.

Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy TOPH gaz geçirijisiniň esasy bölegi bolup, onuň gurluşygyna şu ýylyň sentýabrynda girişildi.

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy