BILIM

Aşgabatda Çehiýanyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy açyldy

2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-ine Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasy guraldy. Bu çäre gatnaşan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, uçurymlarynda we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Aşgabatdaky ähli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň çärä gatnaşmagy, bu dabaranyň ýurduň bilim jemgyýetçiligi üçin möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary Azat Ataýew, Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýubomir Frebort, şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory gatnaşdy. Resmi duşuşygyň çäklerinde akademiki alyş-çalyş mümkinçilikleri we iki ýurduň bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, talyp ýaşlar we mugallymlar üçin akademiki alyş çalyş ulgamyna gönükdirilen geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çehiýa tarapyndan çärä Pragadaky Karl uniwersiteti, Himiýa tehnologiýalary uniwersiteti, Çehiýanyň oba hojalyk uniwersiteti we Zlin şäherindäki Tomas Baty uniwersiteti ýaly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem akademiki bölümleriň ýolbaşçylary, halkara hyzmatdaşlygy boýunça wekilleri we Çehiýada okaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna goldaw berýän CzechPoint.Uz agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Ýarmarka gatnaşan ýaşlara Çehiýa uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri barada maglumat almak, Çehiýada talyp durmuşynyň aýratynlyklary barada sorag-jogap alyşmak üçin özboluşly mümkinçilik döredildi. Bu ýarmarkanyň çäklerinde bilim giňişliginde halkara aragatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň bilim babatda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm duşuşyk boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi