BIZNES

Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli tebigy gaz önümçiligini 116 milliard kubmetre ýetirer

Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli tebigy gaz önümçiligini 116 milliard kubmetre ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada Aşgabatda geçirilýän halkara nebitgaz forumynda “Tükrmengaz” döwlet konserniniň müdirliginiň başlygy Rustem Tekaýew belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, çykarylýan tebigy gazyň ýarysyndan gowragy eksporta niýetlenendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, tebigy gazyň önümçiligini 116 milliard kubmetre ýetirmek maksat edinilýär.

Rustem Tekaýew häzirki wagtda “Tükrmengaz” döwlet konserni tarapyndan ykdysady ösüşe gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi. Olaryň hatarynda 118 kilometr uzynlygyndaky Şatlyk-Garagum gaç geçirijisiniň, 124 kilometr uzynlygyndaky Garagum-Malaý gaz geçirijisiniň, şeýle hem Baýip-Derýalyk we Döwletabat-Derýalyk gaz geçirijileriniň aralygynda 58.2 kilometr uzynlygyndaky gaz geçirijisiniň gurluşygy bar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler