BIZNES

Türkmenistan bilen Hytaýyň tebigy gaz söwdasynyň möçberi 415 milliard kubmetre deň boldy

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky tebigy gaz söwdasynyň möçberi 415 milliard kubmetre deň boldy. Bu barada 29-njy gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyna gatnaşan Hytaýyň iri nebitgaz kompaniýasy bolan CNPC kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Çžan Daoweý belläp geçdi.

Türkmenistan “Bir guşak-bir ýol” başlangyjynyň ugrunda ýerleşýän möhüm ýurtlaryň biri, energetika hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir, diýip, hytaý kompaniýasynyň wekili belledi.

30 ýyldan gowrak wagtdan bäri Hytaý bilen Türkmenistan tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk edýär we bu hyzmatdaşlygyň çäginde “5+” işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy, ol hem – önümçilik, turba geçirijiler, söwda, maliýe we tebigy gazyň inženerçilik hyzmatlary bolup durýar, diýip Çžan Daoweý  aýtdy.

Ol iki ýurduň arasyndaky tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň strategik, uzakmöhletleýin we geljegi uly ugur bolup durýandygyny mälim etdi.

Hytaýyň kompaniýasynyň wekili geljekde türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy energetika ulgamynyň we ýataklary gözlemek işiniň sanlylaşdyrylmagy, pes uglerodly tehnologiýalar, uglerod bitaraplygyny gazanmak, metan zyňyndylarynyň gözegçiligi, ýaşyl we durnukly energetika ýaly ugurlary öz içine aljakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy