JEMGYÝET

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Global Alýansa goşuldy

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde dowam edýän BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasynyň çäginde türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler guramasynyň Bosgunlaryň işi  baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi Ruven Menikdiwela bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hanym R. Menikdiwela Türkmenistanyň wekiliýetine raýatsyzlygyň soňuna çykmak  boýunça #IBELONG atly Kampaniýanyň üstünlikli tamamlanandygyny we ýurdumyzyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusga alarlykdygyny belledi.

Şeýle hem, 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi  baradaky Ýokary Komissary (UNHCR)  jenap Filippo Grandi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Bosgunlaryň işi  baradaky Ýokary Komissary jenap Filippo Grandi Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça alyp baran işlerine ýokary baha berdi.
Şeýle hem, taraplar sebitdäki ýurtlaryň migrasiýa ýagdaýlary, kanunçylyga halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň ornaşdyrylmagy we beýleki möhüm migrasiýa meseleleri barada özara maslahatlaşdylar.

Duşuşykda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisiniň çarçuwasynda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça täze Global Alýans başlangyjynyň yglan edilendigi we bu ugurda Türkmenistanyň gazanan netijelerine halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň hem bu Alýansa goşulýandygy nygtalyp, bu barada resmi habar berildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi

Prezident Zardari: Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdüreris

Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmekdäki goşandyna ýokary baha berdi