JEMGYÝET

Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Related posts

Nursultan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Balkan welaýatynyň baş metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Yemin töreni ile ilgili basın toplantısı düzenlendi

vepa