SIZDEN GELENLER

Saglyk – baýlyk

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikleriň gazanylýar.  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde bitirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler, bagtyýar durmuşda ýaşaýan raýatlarymyzyň saglygynyň döwletimiziň baş baýlygyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny innowasion ösüş ýoluna gönükdirmek, dünýä ylmynyň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe resminamalara gol çekmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga döwletimiz tarapyndan köp serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary yzygiderli gurlup, pudagyň üpjünçilik ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk kömegi ýola goýlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy kämilleşdirilýär.

Bu aýdylanlara ýaňy-ýakynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellebilen günlerinde ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde açylan buýan kökündne taýýarlanýan glisirizin turşusyny öndürýän kärhana aýdyň şaýatlyk edýär.

ABŞ-nyň, GFR-iň, Italiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň iri kompaniýalarynyň ýokary derejeli enjamlary bilen üpjün edilen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasydyr. Mälim bolşy ýaly, saglygy dikeltmek lukmançylygyň iň zerur ugurlarynyň biri bolup, näsaglary işjeň we özbaşdak durmuşa gaýdyp getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabatda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi adam bedeniniň hereketini ýokary netijeli ýagdaýda dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem şu günler ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynda ýene-de bir şatlyk wakalar bolup geçýär. Ol hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasydyr.

Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi we ähli türkmen lukmanlaryny we bagtyýar halkymyzy diýseň buýsandyrdy.

Köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär we uly meşhurlykdan peýdalanýar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik döreder.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Şeýle hem eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna goşant goşar.

Şeýle hem ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berýär. Muňa ýurdumyza yzygiderli sapar bilen gelýän german, rus we beýleki ýurtlaryň lukmanlaryny mysal getirmek bolýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň ajaýyp köçeleriniň birine germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Professor Hans Maýsneriň saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy uludyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, birnäçe düýpli ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz paýhasly pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini hem-de dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman ösüşlerini özünde jemleýän özboluşly milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmeginiň gözbaşynda durýar.

Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen lukmanlary hökmünde alkyşlarymyz çäksizdir.

Aýsenem Amanmämmedowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti. 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady