DÜNÝÄ

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara foruma gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň duşuşygy boldy. Bu iki döwletiň Baştutanlarynyň ilkinji duşuşygy Aşgabatda geçirildi.

Iki ýurduň metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä,  Wladimir Putin duşuşykda eden çykyşynda iki döwletiň halkara giňişlikde işjeň iş alyp barýandygyny belledi.

– Biz halkara giňişliginde işjeň iş alyp barýarys. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alyşmak üçin möhümdir – diýip, Putin belledi.

Eýranyň Prezidenti bolsa, Eýran bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça resminama gol çekmegi çaltlandyrmagyň möhümdigini belläp, Russiýada geçiriljek BRIKS sammitinde bu ugurda gutarnykly netije gelinjekdigine ynam bildirdi.

Aslynda, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň duşuşygy şu ýylyň oktýabrynyň ahyrynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçiriljek BRIKS sammitiniň çäklerinde göz öňünde tutulypdy.

Ýene-de okaň

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär