DÜNÝÄ

Putin Türkiýäniň we Eýranyň Prezidentleri bilen Kazanda duşuşar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem-de Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitinde duşuşmagy göz öňünde tutýar.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşy kabul eden Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany oktýabr aýynda Kazandaky BRIKS sammitine garaşýandygyny belledi we şol ýerde ikitaraplaýyn duşuşygyň meýilleşdirilendigini aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi. Ol bu gatnaşyklaryň ykdysadyýet, ynsanperwer we daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bu sammitiň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen hem duşuşmagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi