SPORT

Türkmen küştçileriniň Bütindünýä küşt olimpiadasyndaky uly üstünligi

Ýurdumyzyň küşt boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, öz toparçalarynda birinji orny eýelediler. Munuň özi 6 ýyllyk arakesmeden soňra, küşt dünýäsindäki iň abraýly ýaryşa gatnaşýan türkmen türgenleri üçin ýokary netijedir. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

45-nji gezek geçirilen Olimpiada 200-e golaý topar gatnaşdy. Olaryň arasynda umumy hasapdan başga-da, toparlaryň reýting derejesine laýyklykda toparçalara bölünen hasaplar hem ýöredildi. Şeýlelikde, Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýaryşlary bäş toparçada geçirildi.

Ýaryşda ýurdumyzyň erkekler ýygyndysy mümkin bolan 22 utukdan 15 utuk toplap, «B» derejesinde, zenanlar ýygyndymyz bolsa 14 utuk bilen «C» derejesinde çempion bolmagy başardylar. Türkmen küştçüleriniň ýerleşen toparçalary olaryň umumy sanawdaky orny bilen baglydyr. Olar ýaryşa ortaça reýtingiň 73-nji ornundan girişdiler.

Halkara derejeli sport ussady Saparmyrat Atabaýewden, halkara derejeli grossmeýster Meýlis Annaberdiýewden, dürli ýaş derejelerinde ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň medallarynyň eýesi Amanmuhammet Hommadowdan, ýaş küştçi Allaýar Şirliýewden, ätiýaçdaky oýunçymyz Wepa Halnyýazowdan ybarat erkekler ýygyndymyz 188 toparyň arasynda 24-nji orny eýeläp, ýurdumyzyň Bütindünýä küşt olimpiadalary bilen bagly taryhyndaky iň ýokary netijesini gazandylar.

169 toparyň arasynda 32-nji orny eýelän zenanlar ýygyndymyza bolsa bu olimpiadalarda ozal hem tejribesi bolan 18 ýaşly küştçi Lala Şöhradowa, şeýle abraýly ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan Merýem Agajanowa, Leýla Şöhradowa, Jahan Rejebowa we ätiýaçdaky tagtada Eneş Arazmedowa dagy wekilçilik etdi.

Türkmen küştçüleri Bütindünýä küşt olimpiadasyna alty ýyllyk arakesmeden soňra gatnaşýan hem bolsalar, olar özleriniň güýçli garşydaşdygyny ýene bir ýola görkezdiler. Şeýle hem bu ýeňişler olaryň indiki Olimpiadalarda bir basgançak ýokardaky derejede çykyş etmegini üpjün etdi.

Ýene-de okaň

“Altyn pökgi” baýragy Winisiusa berler

Türkmen türgenleri 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanyp başlanar

Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde iki basgançak ýokary galdy

Mişel Platini futbolçylaryň sanyny azaltmagy teklip etdi

«Altyn Asyr» topary Bagdatda ilkinji halkara duşuşygyny geçirdi

Mergen Orazow: «Portugaliýa bilen hyzmatdaşlyk türkmen futboly üçin iňňän ähmiýetli bolar»