Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi.
Türkmen halkynyň Milli Liderini hormatly ýaşulular mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz Mary welaýatynyň ýaşululary bilen hal-ahwal soraşyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklandy.
Hormatly ýaşulular Türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyklaryny beýan edip, welaýatyň ilatynyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny bellediler we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Şeýle-de il sylagly ýaşulular mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni toýdur dabaralara beslenýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.