JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.

Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrdan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şol gatnaşyklar bolsa, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Tährana amala aşyrylýan şu gezekki iş sapary döwletimiziň Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Eýran ýurdumyzyň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda ägirt uly kuwwata we giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri