JEMGYÝET

Tähran duşuşygynyň jemleri: 4 resminama gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Tähran duşuşygy möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň 4-sine gol çekmek bilen jemlendi.

Şolaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;
  • Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy bar.
  • Bu resminamalar aýry-aýry ugurlarda bilelikdäki işleri ilerletmegiň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Onda geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri