SPORT

Ronaldonyň jemgyýetçilik torundaky täze rekordy

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň portugal hüjümçisi Kristiano Ronaldo jemgyýetçilik torunda täze rekordyny goýdy. Ol “YouTube” platformasynda özüne täze sahypa açdy.

Onuň açan täze jemgyýetçilik toruna 1,5 sagadyň dowamynda 1 million adam abuna boldy. Şeýlelikde, Ronaldo jemgyýetçilik toruna gysga wagtda 1 million abuna ýetmek boýunça rekordyň eýesi boldy.

Häzirki wagtda, ýagny soňky habarlara görä, Ronaldony “Youtube” kanalyndaky abunaçylarynyň sany 8.33 million adam ýetdi. Bu görkezijiniň yzygiderli artýandygyny hem bellemek bolar.

2022-nji ýylda dünýä çempiony bolan, ýaşyl meýdançada Ronaldonyň esasy bäsdeşi Lionel Messiniň 2006-njy ýylda döreden “Youtube” kanalyndaky abunaçylarynyň sany 2.2 milliona deňdir.

“Youtube” platformasy öz gezeginde Ronaldony bu gazanan üstünligi bilen gutlady.

39 ýaşyndaky Ronaldo häzirki wagtda 2023-nji ýylda transfer bolan Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň düzüminde çykyş etmegini dowam etdirýär.

Ronaldo futbol karýerasy döwründe 5 gezek “Altyn top” baýragyny aldy we 5 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy