Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtlaýyn zähmet rugsady wagtynda dowam edýän pursatlarynda “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.
“Arçman” şypahanasynda dynç alyşda bolýan R.Bazarow bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy we häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda döwlet we halkara derejeli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bilelikde, bu geçiriljek çärelere, hususan-da, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde geçiriljek “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
R.Bazarow ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylmagy bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlaryny berendigi üçin Türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri we ildeşlerimiz Hazaryň kenarynda hem-de welaýatlarda hereket edýän şypahanalarda zähmet rugsadyny ýokary derejede geçirýärler. Bu barada aýtmak bilen, R.Bazarow amatly dynç almak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin Türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Zähmet rugsadynda bolýan Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýä belli “Arçman” şypahanasynyň çägi boýunça özüniň agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri agtyklarynyň dynç alyş möwsümi döwründe öwrenen bilimleri, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesleri bilen gyzyklandy.
Çeper döredijilige, şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen, Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat bolan täze kitabyň sahypalaryny açyp, beýik söz ussadynyň goşgularyny okady.
Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň her bir adamda ruhubelentlik duýgusyny döredýändigini belläp, Türkmen halkynyň Milli Lideri akyldar şahyryň goşgularynyň ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydygyny, onuň eserleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
