SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe syýahatyňyzy has täsirli etmek üçin möhüm «Syýahatçylyk maslahatlary»

Türkiýe-syýahat etmek üçin ajaýyp we gaýtalanmajak pursatlara beslenjek ýerleri hödürleýär. Onuň dürli özüne çekiji merkezleriniň syýahatçylyk amatlyklarynyň bardygyna garamazdan, «syýahatçylyk maslahatlary» syýahatyňyzy has-da täsirli eder. Syýahatyňyzy lezzetli, kynçylyksyz, şeyle hem gyzykly geçirmek üçin Türkiýäniň Size berýän maslahatlaryna gulak asyñ!

Muzeý rugsatnamalaryny alyň

Türkiýäniň taryhyny we baý medeni mirasyny öwrenmegiň iň gowy usuly, gymmatlyklaryň jemlenen ýerlerine – muzeýlere baryp görmekdir. Muzeý rugsatnamasy arkaly 350-den gowrak muzeýe syýahat etmäge we ýurduň arheologiki ýerlerine, taryhyna göz aýlamaga, tygşytly-bahadan petekleri nobata durmazdan almaga mümkinçilik gazanarsyňyz. Muzeý rugsatnamaňyz sebitiň dürli ýerlerine, bahalaryna we hereket ediş möhletine görä, Siziň muzeýe ýa-da taryhy ýadygärlige ilkinji girişiňizden işjeňleşdiriler. Rugsatnamalary online ýa-da muzeýiň petek kassalaryndan satyp alyp bilersiňiz we rugsatnama her muzeýde bir gezek ulanmaga mümkinçilik berýär.

Otlyda syýahat ediň

Tiz syýahaty öz islegi boýunça amala aşyrmak isleýänler üçin Türkiýede global we ýerli ulag kärende hyzmatlary hereket edýär. Emma, ýurdyň içine otlyda gezelenç etmek syýahatyñ ıñ özboluşly tarapydyr. Türkiýäniň demir ýol ulgamy ýokary tizlikli otlylary bilen ähli sebitlere ugurlary öz içine alýar we dürli ýatlamalary başdan geçirmäge, tebigy gözelligi we taryhy bilen giňden tanyşmaga we medeni baýlyklary öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Esasanam, «Time» žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylyň dünýädäki iň gowy ýerleri» atly sanawyna girizilen ajaýyp Gündogar Ekspress otlysy (Eastern Express), täze badalga berlen Mesopotamiýa Ekspress otlysy (Mesopotamian Express) we özboluşly Diýarbakyr Ekspress otlysy (Diyarbakır Express) bilen syýahatyñyzy ýakymly pursatlara we baý ýatlamalara öwürersiňiz.

Makul söwdalar

Stambulyň «Grand Bazar» we «Spice Bazar» ýaly iri taryhy bazarlarynda ýa-da ýurduň döwrebap söwda merkezlerinde söwda edip bilersiňiz. Mundan başga-da Türkiýede satyn alýan harytlaryňyz aglabasy salgytdan boşadylandyr. Satyn alan harydyňyz 108 Tl-den ýokary bahada bolsa salgydyň 8%-i yzyna alarsyňyz, eger haryt 118 Tl-den ýokary bolsa 18%-i yzyna gaýtarylar. Yzyna gaýtarylan salgytlar barada has giňişleýin maglumat üçin GoTürkiye web sahypasyna girip bilersiñiz.

Jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanyň

Häzirki zaman ulag hyzmatlary Türkiýäniň hödürleýän ilkinji amatlyklarynyň biridir. Ýurduň howa menzillerine barmagyň aňsat usuly bolup durýar. Ýurduň islendik howa menzilinde Türkiýäniñ ähli şäherlerine alyp gidýän taksiler we awtobuslar bökdençsiz hyzmat edýärler. Uly şäherlerde syýahatyñyzy has-da añsatlaşdyrýan giň metro ulgamlary, şeýle hem awtobuslaryň, tramwaýlaryň, gämileriň we otlylaryň ygtybarly ulgamlary hereket edýär. Jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak üçin diňe syýahat petegini satyn almak ýeterlikdir. Soňra bolsa, telefonyňyzdaky karta programmalary arkaly barmak ısleýän ugruñyz boýunça awtobusyň, tramwaýyň ýa-da metronyň duralgalary barada maglumat alyp bilersiñiz.

Ýerli ilat ýaly garbanyň

Türkiýäniň niresine syýahat etseňiz hem, islendik künjeginde sizi haýran galdyrjak ýerli we tiz tagamlary tapylar. Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan kebap we döner ýaly naharlardan başlap, sebite mahsus bolan tagamlar bilen hem tanyşmak maslahat berilýär. Her sebitiň özboluşly naharlaryny dadyp görmek arkaly, Siz türk aşpezçilik sungatynyň inçe syrlary we däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik gazanarsyňyz. Ilki bilen, beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýan türk ertirliginden başlamak maslahat berilýär. Bu ýerde ertirlik naharynda adatça gyzgyn çörek, peýnir, zeýtun, pomidor-hyýar, ýumurtga we bal türk çaýy bilen hödür edilýär. Yzysüre, garbanyşhanalarda iň oňat ýerli tagamlardan lezzet alyp bilersiñiz. Garbanyşhanalar we beýleki restoranlar köplenç giç sagatlara çenli açyk bolýar.

Gyzgyn myhmansöýerlikden lezzet alyň

Türk medeniýetiniň iň täsir galdyryjy aýratynlyklaryndan biri hem onuñ myhmansöýerligidir. Türkler sizi örän mähirli garşylarlar. Olar size islendik ýagdaýda kömek etmäge taýýardyrlar. Jahankeşdelere ýol salgy bermekde ýa-da ulag saýlamakda ýerli ilatyñ kömegi örän ulydyr. Hatda, Size bir käse çaý hem hödür edip bilerler. Esasanam syýahatçylyk sebitlerinde, ýurtda daşary ýurt dili hökmünde iň köp ulanylýan ıñlis dilinde hem gepleýänlere duş gelip bilersiñiz.

Ýene-de okaň

Özbegistan Germaniýa hünär kämilleşdirmek üçin 800 şepagat uýasy iberer

Türkmenistanyň awiasiýasy hünärmenleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylar

BSGG maýmyn mama keseline garşy ilkinji waksinany tassyklady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda şäherara awtobuslaryň petegini onlaýn satyn almak hyzmaty kämilleşdirildi

“Skytaxi” kompaniýasynyň ýük uçary Türkmenistana ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

Türkiýäniň syýahatçylyk meýilnamasy: 60 million syýahatçy