BIZNES

Afrikanyň iň uly aeroporty gurlar

Efiopiýa Afrika yklymynyň iň uly halkara howa menzilini gurmagy meýilleşdirýär. Howa menziliniň taslamasynyň bahasy 6 milliard dollara barabar bolar.

“Fana” teleradioýaýlymynyň beren habaryna görä, “Ethiopian Airlines” toparynyň baş müdiri Mesfina Taseu bu howa menziliniň ýurduň paýtagtynyň 17 kilometr uzaklygyndaky Bişoftu şypahana şäherinde guruljakdygyny habar berdi. Täze howa menziliniň 35 inedördül kilometre deň bolar.

Halkara howa menziliniň birinji tapgyrynda her ýyl 60 million ýolagça hyzmat eder. Onuň ikinji tapgyrynda hyzmat ediljek ýolagçylaryň sany 100 million ýeter. Howa menzili birbada 4 uly uçaryň gonmagyna mümkinçilik berer.

Afrika yklymynyň iň çalt depginde ösýän “Ethiopian Airlines” kompaniýasy täze howa menziliniň dizaýnynyň işlenip düzülmegi üçin DAR konsalting topary bilen ähtnama baglaşdy.

Häzirki wagtda “Ethiopian Airlines” howa menzili her ýyl 20 million ýolagça hyzmat berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy